Russiýa tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada, tutuş gije Ukraina degişli 1300-den gowrak dronyň urlup düşürlendigi nygtaldy. Ýüzlerçe dronyň paýtagt Moskwany nyşana alandygy bellenildi.
Hüjüm iki ýurduň arasynda 5 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän söweşde Ukraina tarapyndan guralan iň uly hüjümlerden biri hökmünde bellige alyndy.
Ady agzalýan hüjümiň Prezident Wladimir Putiniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpiniň arasynda Hytaýda geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda guralmagy ünsleri özüne çekdi.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, hüjüm hakynda Telegramdan beren habarnamasynda, tutuş gije paýtagty we töwereklerini nyşana alan 600 dronyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygyny aýan etdi.
Sobýanin “Dronlaryň esasy bölegi ministrlige degişli howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürildi. 191 dron bolsa Moskwanyň golaýynda hatardan çykaryldy” diýdi.























