5 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşiniň bes edilmegi üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide Russiýanyň, ABŞ-nyň we Ukrainanyň arasynda üçtaraplaýyn gepleşik geçirilýär.
Rus habarlar gullugy TASS-yň berýän habaryna görä, düýn başlan Ukraina temaly üçtaraplaýyn gepleşikleriň çäginde Russiýanyň, ABŞ-nyň we Ukrainanyň wekilleri şu gün gaýtadan duşuşdy.
Gepleşiklerde rus wekiliýetine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý, Ukrainanyň wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Razwetka gullugynyň başlygy Rüstem Umerow ýolbaşçylyk edýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wekilleri Witkoff bilen Kuşneriň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklerden soň wekiliýetleriň metbugata beýannama bermegine garaşylýar.
Üçtaraplaýyn gepleşikler
4 sagada golaý dowam eden gepleşikleriň birinji gününde Ukraina krizisiniň çözülmeginden soň sebitara howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi meselesi seljerlipdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, düýn geçirlen gepleşiklerde 1500 ýesiriň çalşylmagy meselesiniň hem gün tertibine getirlendigini mälim edipdi.






















