Prezident R. T. Erdogan sosial media platformasy arkaly çap eden gutlag ýüzlenmesinde, türki dünýäsiniň jebisligine we bitewiligine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde, “Türki döwletleri guramasynyň döredilmeginde uly rol oýnaýan Nahiçewan ylalaşygynyň 17 ýyllygyny hem-de Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk gününi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
“Dilde, pikirde, işde birlikde” şygary bilen başlan bu doganlyk ýolumyzda agzybirligimiziň, jebisligimiziň we arkalaşygymyzyň yzygiderli we berk bolmagyny arzuw edýärin”diýdi


















