Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Ysraýyl tarapynyň Prezident Rejep Taýýip Erdogany nyşana alan sözleri barada beýanat berdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi: "Ysraýylyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Prezidentimize gönükdirilen ýaramaz we esassyz töhmetler, ysraýylly resmileriň hakykaty gizlemek üçin edýän netijesiz synanyşyklarynyň täze mysalyny emele getirýär" diýip nygtady.
Beýanatda Prezident Erdoganyň COP31 Liderler Sammitiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Ysraýylyň ulgamlaýyn zulum syýasatyny ýene-de bir gezek dünýä gün tertibine getirendigi we adamzadyň umumy wyždanyna laýyk gelýän duýgulary we pikirleri beýan edendigi nygtalyp: “Türkiýe hökmünde biz Ysraýylyň agressiw syýasaty tarapyndan nyşana alnan zulum astyndaky ähli adamlaryň, esasan hem palestinalylaryň ýanynda durmaga dowam ederis” diýip habar berildi.



























