SYÝASAT
1 minut okamak
NATO-nyň nobatdaky sammiti Albaniýada geçirler
NATO-nyň nobatdaky liderler sammitiniň Albaniýada geçiriljekdigi habar berildi.
NATO-nyň nobatdaky sammiti Albaniýada geçirler
NATO-nyň nobatdaky sammiti Albaniýada geçirler / Reuters (Wire)

Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen NATO-nyň liderler sammitiniň we maslahatlarynyň geçirilýän ýygylygynyň azaldyljakdygy hakyndaky habarlardan soň NATO-nyň resmisi, nobatdaky liderler sammitiniň Albaniýada geçiriljekdigini mälim etdi.

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama NATO-nyň nobatdaky liderler sammitiniň 2027-nji ýada 2028-nji ýylda Tiranda geçirlip bilinjekdigini aýtdy.

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Gagada geçirlen NATO-nyň liderler sammitiniň jemleýji jarnamasynda, nobatdaky sammitiň 2026-njy ýylda Türkiýede geçiriljekdigi, liderleriň soň bolsa Albaniýada bir ýere jemlenişmegine garaşylýandygy nygtalypdy.