Eýranyň Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň Bahreýndäki irki duýduryş radarlarynyň nyşana alnyp, ýok edilendigini mälim etdi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary metbugata beren beýanatynda: “Duşmanyň güýçleri tarapyndan düýn gije Hormozgan welaýatynyň Sirik şäherindäki aragatnaşyk diňine guralan howa hüjümine jogap hökmünde Eýranyň Ynkylap goragçylary Harby-howa güýçleri Bahreýnde ABŞ-a degişli irki duýduryş radaryny nyşana aldy" diýip belledi.
Beýanatda hüjümiň ABŞ-nyň ýurduň howa giňişliginiň düzügünini bozmagy we Ormuz bogazynda nebit kontrabandasyny bes etmegi üçin çynlakaý duýduryş bolandygy we eger düzgün bozulmalar dowam eden halatynda, jogap bermäge taýýardygy aýdylýar.
Eýranyň Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň görkezmesi boýunça hereket edýän we kanun bozulmalaryna gatnaşan kompaniýalaryň has berk sanksiýalara sezewar boljakdygyny duýdurdylar.
ABŞ-nyň harby güýçleri ýa-da Bahreýn hüjüm barada entek hiç hili beýanat bermediler.
Eýranyň resmi habar gullugy IRNA gije Sirik şäherinde hüjümiň bolandygyny habar beripdi.






















