DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran Kuweýdiň nebit tankerini nyşana aldy
Çig nebit ýüklenen Al Salmi gämisi Eýrana degişli dron tarapyndan nyşana alyndy.
Eýran Kuweýdiň nebit tankerini nyşana aldy
Eýran Kuweýdiň nebit tankerini nyşana aldy / AP
Duş 10 Ýek

Kuweýdiň nebit firmasy, Kuweýde degişli nebit tankeri Al Salminiň sişenbe güni Birleşen Arap Emirliklerinde Dubaý portunda ertiriň irki sagatlarynda Eýrana degişli dronyň hüjümine sezewar bolandygyny habar berdi.

Çig nebit ýüklenen tankeriň 00.10-da hüjüme sezewar bolandygy nygtaldy.

Kuweýdiň KUNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, hüjüm sebäpli gämä zeper ýetirildi. Hüjüm gämide ýangyna sebäp boldy.

Kuweýdiň nebit firmasy tankerdäki nebitiň golaýdaky suwlara akyp biljekdigi barada duýdyryş berdi. Tankeriň 24 adamlyk ekipažynyň halas edilendigi bellenildi.

Dubaýly resmiler ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny we nebitiň daşky gurwaşa zeper ýetirmändigini habar berdi.

Nýu-Ýork biržasynda nebitiň barrel bahasy 3 göterim ýokarlap 106,05 dollara çenli baryp ýetdi.

Brent nebitiniň barrel bahasy bolsa 2,57 göterim ýokarlap 115,35 dollara ýetdi.