Halkara Pul gaznasyndan berlen beýannamada, Gewin Greýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ukrainaly resmileriň arasynda geçirlen 8,1 milliard dollarlyk 4 ýyllyk Giňeldilen kömek maksatnamasynyň ikinji we üçünji tapgyr gepleşikleriniň netijeli ýagdaýda geçendigi nygtaldy.
Beýannamada, Ukraina goldaw bermek we urşuň garaşylýanyndan has uzaga çekmegi sebäpli ýüze çykan goşmaşa maliýe zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin maliýe kepilligini almak maksady bilen halkra hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk saklanylýandygy bellenildi.
Beýnnamada HPG-nyň 2027-nji ýyl üçin 32-34 milliard dollar we 2028-nji ýyl üçin 17 milliard dollar möçberinde maliýeleşdiriş ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini çaklaýandygy bellenildi.
Beýannamada howpsuzlyk şertiniň barha çuňlaşýandygy, ykdysady infrastruktura gönükdirilýän hüjümleriň artýandygy we urşuň 2027-nji ýyla çenli dowam etjekdiginiň çaklanylýandygy nygtaldy.
Beýannamada birinji gözden geçiriş işlerinden soň ykdysady görkezijileriň peselýändigine üns çekildi.























