TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Ahyska türkleri Gruziýadan sürgün edilmeginiň 81-nji ýylynda hatyralanýar
Prezident R. T. Erdogan 100 müňe golaý ahyska ýagny mesheti türküniň 1944-nji ýylda başdan geçiren sürgüniniň 81-nji ýylynda arkalaşyk ýüzlenmesini berdi.
Ahyska türkleri Gruziýadan sürgün edilmeginiň 81-nji ýylynda hatyralanýar
Ahyska türkleri Gruziýadan sürgün edilmeginiň 81-nji ýylynda hatyralanýar / Anadolu Agency

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, anna güni Gruziýanyň Ahyska/Mesheti sebitinde mesheti türkleriniň köpçülikleýin sürgün edilmeginiň 81-nji ýylynda olary uly hormat bilen hatyralady.

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň sosial media platformasy Nsosial arkaly beren habarnamasynda“1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda ýüz müňe golaý mesheti türküniň ata ýurtlaryndan sürgün edilmeginyň gynanjyny duýýarys” diýdi.

“Sürgünde ýogalan kowumdaşlarymyza Alladan rehnet dileýärin”diýen Erdogan, sürgüniň 81-nji ýylynda ähli mesheti türklerine gynanç bildirýändiklerini belledi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, 1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol döwürde Grusiýa Sowet Respublikasynyň çäklerinde ýerleşýän we Türkiýä goňşy Ahyska/Mesheti sebitinde ýaşaýan ýüz müňe golaý Ahyska türküniň asyrlardan bäri ýaşaýan ýerlerinden zor bilen uzak ýerlere sürgün edilendigi ýatladyldy.

Beýannamada, bu ýolagçylykda müňlerçe adamyň açlyk, sowuk we hassalyk sebäpli ýogalandygy ýatladyldy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada “Sürgüniň 81-nji ýylynda sürgünde ýogalan doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys” diýildi.

Mesheti türkleriniň başdan geçiren ähli kynçylyklaryna garamazdan dillerini, ynançlaryny we medeni gymmatlyklary gorap saklandyklaryna we gelejek nesillere ýetirmegi başarandyklaryna üns çekildi.

Türkiýäniň mesheti türkleriniň ata ýurtlaryna dolanmaklary etabyna doly goldaw berýändigi bellenildi.

1944-nji ýylda başdan geçirlen sürgün

1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Sowet hökümeti, Gruziýanyň Mesheti sebitiniň merkezinde ýerleşýän Ahyskadaky halky “döwletiň howpsuzlygyna wehim salmakda” günäkärledi.

Birnäçe sagadyň içinde zenanlar, çagalar we ýaşulylar bilen birlike 90 müňden gowrak adamy öýlerinden zor bilen çykaryp ýük wagonlaryna doldurdy.

Sürgün edilenler bir aýdan gowrak wagt dowam eden ýolagçylykda Orta Aziýanyň iň çetki etraplaryna getirildi.

Tahyrçylaryň çaklamagyna görä 17 müň adam açlyk, sowuk we hassalyk sebäpli ýolda aradan çykdy.

 

 

 

 

 

Öwren
Hakan Fidan TDG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatyna gatnaşar
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Gazagystan bilen Ýaponiýa nebit üpjünçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Rus harby uçarynyň Krymda heläkçilige uçramagy sebäpli 29 adam ýogaldy
Azerbaýjan we Eýran Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň artmagyna aladalaryny bildirdiler
Zengezur koridory gündogar bilen günbataryň arasyndaky arabaglanşygy güýçlendirer
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Gazagystan täze konstitusiýany tassyklady
Azerbaýjan Eýrana ynsanperwer kömegini berýär
Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi
Mirziýoýew pedofiliýa jenaýatçylarynyň ömür boýy azatlykdan mahrum edilmegi hakynda perman çykardy
Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Erdogan: Türkiye Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk tapgyrynda öňegidişligi goldaýar
Türkiye bilen Azerbaýjan energiýa, söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
"Türk dili medeniýetiň we şahsyýetiň eýeçiligidir"
15-nji dekabr Bütindünýä türki dilleriň maşgala güni
Prezident Erdogan: Azerbaýjanyň Garabag ýeňşi Kawkazda parahatçylyk üçin möhüm rol oýnaýar
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Azerbaýjanda saparda boldy