Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Akorda köşgünde TDG-nyň Ýokary kazyýetler konferensiýasyna gatnaşmak üçin Gazagystana giden Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň ýokary kazyýet organlarynyň başlyklaryny kabul etdi.
Kabul edilşige Türkiýeden Ýokary kazyýetiň başlygy Ömer Kerkez we Döwlet geňeşiniň başlygy Zeki Ýigit bilen birlikde Azerbaýjanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy İnam Kerimow, Gyrgyzstanyň Ýokary kazyýetinin başlygy Mederbek Satyýew we Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary Alişer Usmanow gatnaşdy.
Prezident Tokaýew kabul edilşikde TDG-nyň agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda uly rol oýnaýandygyny nygtady.
Agza ýurtlaryň arasynda esasan adalat organlarynyň we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda edilýän hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanýandygyny nygtan Tokaýew, Türkistan şäherinde geçiriljek konferensiýanyň munyň anyk mysalydygyny aýtdy.
Kazyýet ulgamynyň ýurtlaryň ösüşi we durnuklylygy üçin strategiýa taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtan Tokaýew, ýokary kazyýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň doganlyk ýurtlaryň umumy bähbidine hyzmat edýändigini ýatlatdy.
Sanly ulgamyň öwrülşik etabyna ünsi çeken Tokaýew, ýurtlaryň bu ugurda birlikde hereket etmelidigini nygtady.
Beýleki tarapdan Gazagystanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Aslambek Mergaliýew Türkiýäniň Ýokary kazyýetiň başlygy Ömer Kerkez we Döwlet geňeşiniň başlygy Zeki Ýigit bilen duşuşdy.




















