Mejlisiň Baş Assambleýasy, Türk ýaragly güýçleriniň Aden Aýlagyndaky, Somaliniň gara suwlaryndaky we Arap deňizindäki iş möhlediniň ýene-de 2 ýyl uzadylmagy baradaky ygtyýarnamany ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.
Prezidentiň Ygtyýarnamasynda, Türk esgeriniň BMG-nyň we NATO-nyň çäginde iş alyp barýandygy nygtaldy.
Ygtyýarnamada, sebitdäki Türkiýe bilen arabaglanşykly gämileriň howpsuzlygynyň ýola goýulmagy, ýaragly talaňçylara we deňiz terrorçylaryna garşy göreşilmegi üçin Türkiýäniň rolyna üns çekildi.
Prezidentiň ygtyýarnamasy Baş Assambleýada syýasy partiýalaryň wekilleriniň çykyşlaryndan soň geçirlen sese goýulşykda kabul edildi.





















