DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
Palestinli çeşmeleriň berýän habaryna görä, ýaragly ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi, 10 adamy ýaralady.
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi / Anadolu Agency (Wire)

Palestinli çeşmeleriň berýän habaryna görä, ýaragly ysraýylly gelmişekler El-Duýuk et-Tahta obasyny gabaw astyna aldy we sebitiň ýaşaýjylaryna ot açdy.

Basylyp alynan Günbatar Şerianyň Eriha şäheriniň golaýynda, ýaragly ysraýylly gelmişekleriň od açmagy sebäpli palestinli 1 zenan ýogaldy, asuda ilatdan 10 adam ýaralandy.

Eriha döwlet hassahanasynyň ýolbaşçylary hüjüm habaryny tassyklady. Hassahana tarapyndan berlen beýannamada, hüjümde 60 ýaşyndaky zenananyň ýogalandygy, biri 65 ýaşynda 10 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylly gelmeşiler bilen sebitiň ýaşaýjylarynyň arasynda çaknyşygyň dowam edýän pursatlarynda ysraýylly esgerler oba girdi.

Ysraýylyň harby goşuny sebite goşmaça harby toparyň ornaşdyrlandygyny habar berdi.