Sergeý Aksýonow sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Ukrainanyň harby goşunynyň ýene-de bir gezek Krym köprüsine hüjüm edendigini ýatlatdy.
Sergeý Aksýonow Krymyň ýaşaýjylaryna köprüden geçmezlikleri üçin çagyryş etdi.
Russiýa tarapyndan berlen beýannamada köprüniň nyşana alynmagy “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirildi we hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.
Russiýanyň Wise-premýeri Marat Husnulin, Krym köprüsüne guralan hüjümden soň hökümetiň agzalary bilen maslahat geçirdi.
Maslahatda Krym köprüsiniň gysga wagtda abatlanmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow hem paýtagt Moskwada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, Wise-premýer Marat Husnulliniň Prezident Wladimir Putine köpri hakynda giňişleýin maglumat berendigini aýtdy.
Düýn Ukrainanyň Krym köprüsine hüjüm gurandygy we hüjüm sebäpli köprä uly zeper ýetirlendigi habar berlipdi.
Krym ýarymadasyny Russiýa bilen birleşdirýän we “Kerç” hökmünde bilinýän köprü strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe.























