“Nýu-Ýork Taýmes” gazetiniň sişenbe güni çap eden habaryna görä, ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki howa hüjümlerinden öň ýurduň dini lideri Ali Hamaneýi öldürmeginden birnäçe gün soň Eýranyň ozalky prezidentini häkimiýetiň başyna gçtirmegi meýilleşdirdi.
Bu teklibiň Ysraýyl tarapyndan hödürlenendigi we Trampyň adminstrasiýasy tarapyndan kabul edilendigi bellenildi.
“Nýu-Ýork Taýmes”gazetine görä, Ysraýyla we Amerika garşy berk tutum alyp baran Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň häkimiýetiň başyna geçirilmegi meýilleşdirildi.
Taýmesiň habarynda näme üçin Ahmedinežadyň saýlanandygynyň bilinmeýändigi, emma 2005-2013-nji ýyllaryň aralyndaky prezidentlik döwründe “Ysraýyly kartadan öçürmek” çagyryşy bilen tanalýandygy göz öňünde tutulanda munyň “garaşylmadyk alternatiw” bolandygy nygtaldy.
Ahmedinežad mundan başgada “Eýranyň ýadro meýilnamasyna güýçli goldaw berýän we ABŞ-nyň alyp barýan syýasatyny berk tanky edýän”l ider hökmünde bilinýärdi.
Gazete maglumat beren amerikaly resmä görä, Ysraýylyň söweşiň ilkinji gününde Ahmedinežadyň öý tussaglygyndan halas edilmegi maksady bilen Tährandaky öýüne guralan hüjümde ýaralanandygy sebäpli meýilnamadan ýüz öwrülýär.
Ýaralanan Ahmedinežadyň ýeri bilinmeýär
“Nýu-Ýork Taýmes”gazeti, bilelikdäki hüjümde ýaralanan Ahmedinežadyň nirede saklanýandygy we saglyk ýagdaýy hakynda hiç hili maglumatyň ýokdygyny mälim etdi.















