Hytaýyň Şençžen şäherinde žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Putin bilen Trampyň arasynda geçen duşuşyk barada beýannama berdi.
Uşakow Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) sammitiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň 30-40 minut dowam edendigini we "gowy" geçendigini aýdyp: "Liderler üçtaraplaýyn duşuşygyň taýýarlyk tapgyry we ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Elbetde, Ukraina krizisini çözmek tapgyry hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşygyň esasy temasy boldy. Bu duşuşyk üçtaraplaýyn sammitden öň taýýarlyk häsiýetine eýe boldy. Şonuň üçin hiç hili möhüm beýanat berilmedi" diýip habar berdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin şu gün duşuşyk geçirerler.






















