Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň penşenbe güni BMG-nyň Baş Assambleýasyndaky çykyşy başlan badyna, Ysraýylyň Gazadaky we sebitdäki harby hüjümlerine köpçülikleýin garşylyk görkezmek maksady bilen 70 ýurduň wekiliýetleri BMG-niň Baş Assambleýasyny terk etdi.
“Anadoly Habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, Türkiýäniň, Palestiniň, Pakistanyň, Tunisiň, Siriýanyň, Alžiriň, Ýemeniň, Müsüriň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Eýranyň, Kataryň, Liwanyň, Malaýziýanyň, Indoneziýanyň we Kuweýdiň wekilleri zaly terk etdi.
Ispaniýanyň, Braziliýanyň, Perunyň, Kubanyň, Nigeriýanyň, Liwiýanyň, Bangladeşiň, Owganystanyň, Omanyň, Nigeriň we Madagaskaryň wekilleri hem zaly terk etdi ýada oturlyşyga gatnaşmady.
ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Argentiniň, Wengriýanyň, Serbiýanyň, Ukrainanyň, Çeh Respublikasynyň we Gresiýanyň wekilleri bolsa Netanýahunyň çykyşyny diňledi.























