ABŞ Saud Arabystanyna 2 milliard dollarlyk ýarag satar
DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ Saud Arabystanyna 2 milliard dollarlyk ýarag satarSaud Arabystany sebitara howplardan goranmak üçin howa goranyş ulgamlaryny güýçlendirmäge çalyşýar.
ABŞ Saud Arabystanyna 2 milliard dollarlyk ýarag satar / Reuters

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan çarşenbe güni berlen beýannamada, Ýakyn Gündogardaky söweşiň möwjeýän döwründe Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamlarynyň güýçlendirilmegi maksady bilen 1,96 milliard dollarlyk ýaragyň satylmagyny tassyklandygyny nygtaldy.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, “Bu satuw, aýlag sebitiniň syýasy durnuklylygy we ykdysady galkynyşy taýdan diýseň möhüm. ABŞ NATO agza bolmadyk esasy ýaranynyň howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine goldaw berer” diýildi.

Ady agzalýan satuw, sebitara wekilçilik güýçleriniň ulanýan uçarmansyz howa ulaglary ýaly abanýan howplara garşy howa goranyş ulgamlaryny güýçlendirmegi we düşýän gymmaty ýokary bolan patriot raketalaryna bolan garaşylygy azaltmagy maksat edinýär.

Saud Arabystany tarapyndan talap edilen ýaraglaryň arasynda 20 müň sany döwrebap ýarag ulgamy APKJS hem ýer alýar.

Karar Husileriň duşenbe güni Saud Arabystanynyň günortasynda ýerleşýän Abha şäherindäki howa menziline raketa atmagyndan soň Saud Arabystanynyň Ýemen bilen gaýtadan söweşiň bosagasyna çenli gelen döwründe kabul edildi.