Bir tarapda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklar, beýleki tarapda bolsa Eýran–Ysraýyl–ABŞ üçlüginiň arasyndaky çaknyşygyň tutuş Pars aýlagyna ýaýramak ähtimallygy bolan söweş... Dünýä ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ilkinji gezek şeýle derejede güýçli, uzak dowam edýän we uly geografik giňişlige täsir ýetirýän krizisi başdan geçirýär.
Elbetde, bu ýagdaý, esasan hem Ikinji jahan urşundan soň gurlan täze dünýä ulgamynyň üýtgemejekdigine ynanan ýurtlar üçin diýseň agyr. Näme etmelidigini kesgitläp bilmeýän ýurtlaryň sanawy düzülse, Ýewropadaky ýurtlaryň alynky hatarlarda boljakdygy hiç kim üçin syr däl. Kontinentiň dürli paýtagtlarynda ýüze çykýan görkezijiler olaryň tas hiç haýsynyň söweşe taýýarlykly däldigini görkezýär.
Azalýan raketa ätiýaçlyklarynyň üstüni ýetirmek ýeňil däl
Ýagdaýy dogry seljerýän ýurtlar dünýäniň öňküsi ýaly däldigine, şeýle hem häzirki söweş şertleriniň ýakyn wagtda tamamlanmagynyň ähtimal däldigine düşünýärler. Milliardlarça dollarlyk şertnamalaryň baglaşylmagynyň, täze bileleşikleriň döredilmeginiň we bilelikde hereket etmek meýilleriniň düýp sebäbi hem hut şundan ybarat.
Uruşlar bilen aýdyň ýüze çykan meseleleriň biri-de ammarlardaky ok-därileriň gysga möhletde azalmagy we olaryň ýerini täze önümler bilen doldurmagyň pikir edilişinden has kyn bolmagydyr. Bu ýagdaý ýarag arsenalynyň ähli görnüşlerine degişlidir. Iň kynçylykly ugurlaryň biri bolsa raketalardyr.
ABŞ ýaly önümçilik taýdan ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurduň ýa-da ýarag ätiýaçlyklary çäksiz ýaly görkezilýän Russiýanyň başdan geçirýän ýagdaýy ünsi çekýär. Iki döwletiň hem arsenalynyň düzümindäki raketalaryň, ok-därileriň we kämil ulgamlaryň ätiýaçlyklarynyň iňňän azalandygy hiç kim üçin syr däl.
Uzak ýyllardan bäri “uly söweşe” taýýarlyk görýän Eýranyň elindäki kämil raketalaryň nähili çalt azalandygy, dünýäniň dürli künjeklerinden kömek berilýän Ukrainanyň hem örän kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigi aýdyň görünýär.
Häzirki wagtda dünýä derejesinde raketa ätiýaçlyklary bilen bagly mesele ýüze çykdy we bu meseläniň geljekde has-da ýitileşjekdigi aýdylýar.
Türkiýe raketa öndürmekdäki zeurlygy kanagatlandyrmaga dalaş edýär
Hut şu pursatda Türkiýäniň bu giňişlige goşulmagy geň bolmaz... Ankaranyň öz raketalaryny öndürmek üçin uzak ýyllardan bäri iş alyp barýandygy mälim.
Ýerli we milli raketalary öndürmek üçin tagalla edýän kompaniýalar hakykatdan hem uzak we diýseň çarkandakly ýoly geçdiler. Ýokary mukdarda maliýe serişdesi, esli wagtdan we uly kynçylyklardan soň türk kompaniýalary özleriniň raketa taslamalaryny durmuşa geçirmegi başardylar.
Häzirki wagtda Türkiýe “ROKETSAN-dan” “MKE-ä,” “ARCA-dan” “Baykar”, “SAGE” we “Kale Savunma” çenli köp sanly kompaniýanyň raketa taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän sepgidine ýetdi. Has takyk aýdylanda Türkiýe bu işiň iň esasy bölegini geçdi we raketa taslamalary boýunça köpçülikleýin önümçilige geçjek derejä ýetdi.
Ankaranyň anti-tank raketalary, ganatly raketalary, howa goranyş raketalary we ballistik raketalary köpçülikleýin öndürilýär. Mundan başga-da, türk goranmak senagatynda iş alyp barýan kompaniýalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri hem doly depginde dowam edýär.
Töwekgelçiligiň şeýle ýokary bolan döwründe esasan-da Ýewropa ýurtlarynyň “10 ýyl gerek bolsa-da garaşalyň, öz önümlerimizi öndüreliň” diýere ýagdaýy ýok. Uruş bosaga dur. Şonuň üçin zerurlyklar “ertiriň däl, eýsem şu günüň talaby” hökmünde özüni görkezýär.
Raketa ätiýaçlyklarynyň üstüni haýsydyr bir görnüşde ýetirmek ýa-da täze raketalar edinmek isleýän ýurtlaryň ýüz tutup biljek ýerleriniň sany örän çäklidir. Şu nukdaýnazardan dogry dolandyryş we meýilleşdiriş arkaly Türkiýäniň öňe saýlanyp, Ýewropadan hem-de dünýäniň dürli sebitlerinden geljek islegleriň hötdesinden gelip biljekdigine uly ynam bildirilýär.














