Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) bäş agzasy Ruandada bikanun migrasiýa garşy göreşmek boýunça tagallalarynyň çäginde deportasiýa merkezlerini döretmek barada ylalaşyk gazandylar.
Germaniýa, Daniýa, Awstriýa, Gresiýa we Gollandiýa öz ýurtlarynda galmaga hukugy bolmadyk migrantlar üçin Ruandada deportasiýa merkezini açarlar. 2027-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýän merkez ilki başda diňe öýlenmedik erkek migrantlary kabul eder.
Bu gollanma kanuny ýollar arkaly ýurtlarda galmak hukugyny almak üçin arza bermek proseslerini tamamlan şahslary öz içine alar. Ruanda, esasanam öz ýurtlaryna gaýtarylyp bilinmeýän migrantlar üçin alternatiw ugur bolar.
Ilkinji tapgyrda takmynan 100 adam iberiler
BBC-niň habaryna görä, taslamanyň ilki bilen 100 töweregi migranty öz içine alýan synag maksatnamasy bolmagyna garaşylýar. Bäş ýurduň her biriniň Ruanda takmynan 20 adamy ibermegi meýilleşdirilýär.
Gollandiýanyň hökümeti maksatnamanyň birinji tapgyrynda diňe ýeke erkek migrantlaryň iberiljekdigini aýan etdi. Ýoldaşy bolmadyk çagalar merkezlere iberilmez.
Ruanda iberilýän migrantlar şol ýerde ýaşamak mümkinçiligine eýe bolarlar. Olara ýaşamak hukugy, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, iş we hukuk ulgamyna elýeterlilik berler. Öz ýurduna gaýdyp barmak isleýänler hem şeýle edip bilerler.























