ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Tährana täze ultymatum berdi. Tramp Eýran bilen ýa ylalaşyk gazanjakdyklaryny ýada şol ýurdy harby taýdan ýok etjekdiklerini beýan etdi.
Amerikan “Fox Nýus” kanalyna beýannama beren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3-nji noýabrda geçiriljek araky saýlawlaryň öňüsyrasynda ýurdunyň alyp barýan daşary syýasaty barada maglumat berdi.
Prezident Tramp Eýran söweşinde esasan harby we ykdysady taýdan Tähranyň mümkinçiliklerini ýok edendiklerini öňe sürdi.
Eýrana ultimatom beren Tramp “Olar bilen ylalaşyk gazanmalymy ýada olary ýok etmelimi? Ýeke-tä sorag bu” diýdi.
ABŞ-nyň Ormuz bogazynyn gözegçiligini dolulygyna ele geçirendigini aýdan Tramp, söweşden öňki döwürde bolşy ýalybBogazdan nebitiň geçişini üpjün edendiklerini belledi.
“Ormuz bogazynyň gözegçiligini ele geçirendigimizi ýatdan çykarmaň” diýen Tramp, Eýrana goýlan deňiz gabawynyň dowam edýändigini ýatlatdy.




















