ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, NATO-nyň liderler sammitiniň öňüsyrasynda paýtagt Ankarada metbugata beren beýannamasynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogany sarpa goýulýan dünýä lideri hökmünde häsiýetlendirdi.
Prezident R. T. Erdogan sişenbe güni Prezidentiň Kompleksinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy resmi dabara bilen garşylady.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp garşylama dabarasynda türk dilinde esgerlere “Merhaba asker”, “Salam esger” diýip ýüzlendi.
Dabarada ABŞ-nyň Prezidentiniň hormatyna 21 gezek top atyldy. Türk Ýyldyzlary topary çykyş etdi.
Prezident Tramp garşylama dabarasyndan soň beren beýannamsynda Türkiýäniň F-35 harby uçarlaryny satyn almagy meselesinde degişli kararyň kabul ediljekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan myhman kärdeşi Trampy howa menzilinde garşy alypdy.




















