Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat sorady
SYÝASAT
2 minut okamak
Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat soradyAmerikan Kongresinde 30 halk deputaty Döwlet sekretary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat berilmegini isledi.
Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat sorady

Amerikan Kongresinde Demokrat partiýaly 30 halk deputaty, Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi baradaky gizlinlik perdesiniň ortadan aýrylmagy üçin herekete geçdi.

Demokrat partiýaly 30 halk deputaty Döwlet sekretary Marko Rubio ýazan hatynda “iki ýüzli çemeleşmeleriň ortadan aýrylmagy we sebitdäki ýadro howpunyň aç-açan beýan edilmegini” talap etdi.

Halk deputaty Kastronyň ýolbaşçylygyndaky topar, Ýakyn Gündogarda möwjeýän dartgynlyk we Eýran bilen çaknyşygyň dowam edýän günlerinde, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň soraglaryna anyk jogap berilmegine garaşýandyklaryny mälim etdi.

Kuwwat we inwentar

-Ýaro ýarag mümkinçiligi: Ysraýylyň ýadro ýarag kuwwatynyň doly möçberi?

-Ulgam hakynda doly we giňişleýin maglumat berilmegi: Ysraýylyň eýe bolan ýadro ýarag ulgamlary hakyndaky tehniki maglumatlar?

Önümçilik we çig mal çeşmeleri

-Kämilleşdiriş mümkinçiligi: Ysraýyl häzirki wagtda urany kämilleşdirmäge ukuplymy we bu kuwwat haýsy derejede?

-Dimona we ýadro ýarag enjamlary: Dimonadaky Negew ýadro ylmy barlag merkezi ýadro ýaragy üçin enjam öndürýärmi? Eger şeýle bolsa öndürlen enjamlaryň mukdary we şol enjamlar nirelerde ulanylýar?

-Plutonium önümçiligi: Şol merkezlerde plutonium öndürilýärmi? Eger şeýle bolsa näme maksatly öndürilýär?

Strategik doktrina we ABŞ bilen edilýän gatnaşyklar

-Gyzyl çyzyk bildirişi: Ysraýyl Eýran bilen dowam edýän çaknyşykda ulanan ýaraglary barada ABŞ resmi maglumat berdimi?

-Ulanmazlyk kepilligi: Amerikan hökümeti şu günki güne çenli Ysraýyldan ýadro ýaraglaryny asla ulanmajakdygy barada haýsydyr bir kepillik aldymy?

-Razwetla gullugy: Eýran bilen dowam edýän çaknyşykda ýada ozal başdan geçirlen dartgynlyk döwründe Ysraýylyň ýadro ýaragyny ulanmagy meýilleşdirendigi hakynda haýsydyr bir maglumat ýada görkezme alyndymy?

Howpsuzlyk we Adatdan daşary ýagdaý senarileri

-Radioaktiw howp analizi: ABŞ-nyň  Negew Dimonada ýada beýleki ýadro desgalaryna guralyp bilinjek haýsydyr bir hüjüm sebäpli ABŞ-nyň raýatlaryna we harby hünärmenlerine zeper ýetirip biljek radioaktiw howplar baradaky analizi?