DÜNÝÄ
1 minut okamak
Netanýahu: ABŞ-Eýran ylalaşygy Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmez
Binýamin Netanýahu, Liwan ylalaşygynyň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik tagallalar bilen arabaglanşykly bolmagy baradaky teklibi kabul etmedi.
Netanýahu: ABŞ-Eýran ylalaşygy Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmez
Netanýahu: ABŞ-Eýran ylalaşygy Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmez / Reuters
Duş 7 Ýek

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, duşenbe güni beren beýannamasynda, Waşington bilen Tähranyň arasynda gazanylyp bilinjek haýsydyr bir ylalaşygyň Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.

“Ysrael Haýom” gazeti, Netanýahunyň Amerikaly ýokary derejeli resmilerden birine üstü ýapyk görnüşde mesele barada duýduryş berendigini ýazdy.

Gazete görä Netanýahu, ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanyljak haýsydyr bir ylalaşygyň Liwany öz içine almajakdygyny belledi.

Netanýahu beýannamasynda “Ysraýyl Hizbullahy ýok etmek pursadyndan peýdalanmaga dowam eder” diýdi.

Gazet, Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunyň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Hizbullaha garşy söweşiň bes edilmegi baradaky teklibini kabul etmändigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Ysraýylyň Liwandaky pozisiýasyny kabul edendigini ýatladan Ysraýylly ýokary derejeli resmi “Liwan Prezident Tramp üçin beýle möhüm däl” diýdi.

Ysraýylyň gury ýer operasiýasy

Hizbullahyň ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerinde Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hamaneýiň öldürilmeginden soň 2-nji marta söweşe çekilmegi sebäpli Ysraýyl Liwana howa hüjümlerini guramaga başlady we Liwanyň günortasyna gury ýer operasiýasyny başlatdy.

Liwanly resmiler Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 1247 adamyň ýogalandygyny, 3690 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewraldan bäri guraýan bilelikdäki hüjümlerinde 1340 adam ýogaldy.