DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Liwanda has giňişleýin basyp alyş meýilleşdirýär
Ysraýylyň metbugatynda çykan habarlara görä, Ysraýylyň goşuny öz harby pozisiyäsyny Liwanyň territoriýasynda 8 kilometre çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.
Ysraýyl Liwanda has giňişleýin basyp alyş meýilleşdirýär
Ysraýyl Liwanda has giňişleýin basyp alyş meýilleşdirýär / Reuters
Duş 12 Ýek


Ysraýylyň metbugaty Ysraýylyň harby pozisiýasyny we gury ýerden basyp alyşy Liwan territoriyasynyň 8 kilometre çenli içine giňeltmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

“Kanal 14” ýaýlymyň berýän maglumatyna görä Ysraýylyň goşuny Liwanyň territoriýasynda 18 sany täze harby baza gurýar. Şol bazalaryň käbiriniň Liwanyň içerki etraplarynda ýerleşýändigi aýdylýar.

Habarda mälim edilmegine görä Ysraýylyň resmileriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde, Liwanyň Litani derýasyna çenli bolan territoriýasynyň doly gözegçiligi dowam etdirmek barada karar kabul edildi, hat-da “käbir sebitlerde mundan hem öňe gitmek” göz öňünde tutulýar.

Kararyň “Ysraýylyň goşunynyň operasion goranyş çägini halkara serhetden Liwanyň territoriýasynyň içine, azyndan 8 kilometre çenli girmegi” öz içine alýandygy hem bellenilýär.

Liwananyň esasy derýasy bolan Litani, ýurduň dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän Bekaa jülgesinden akýar.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri howa hüjümleri arkaly Liwany bombalaýar we şol bir wagtyň özünde günorta Liwana gury ýerden basyp alyş operasiýasyny başlatdy.

Liwanyň resmileriniň beýan etmegine görä Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 1072 adam heläk boldy we 2966 adam ýaralandy.

Häzirki dartgynly ýagdaý, ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan urşunyň dowamynda ýüze çykdy. Bu çaknyşyk 1 340-dan gowrak adamyň ömegine sebäp boldy.

Tähran bu uruşda Ysraýyla garşy, şeýle hem Iordaniýa, Yraga we Aýlag ýurtlaryna garşy dron we raketa hüjümleri bilen gaýtawul görkezdi. Eýranyň beýan etmegine görä Aýlag ýurtlaryna edilen hüjümler ABŞ-nyň harby bazalaryny nyşana alýar.