Milli howpsuzlyk gullugy serhetaşa içalylyk operasiýasyny geçirdi
SYÝASAT
3 minut okamak
Milli howpsuzlyk gullugy serhetaşa içalylyk operasiýasyny geçirdiMilli howpsuzlyk gullugy 12 ýyldan bäri gözlenýän gaçgak içaly Önder Sygyrjykogluny Siriýa-Liwan serhedinde tussag etdi.
Milli howpsuzlyk gullugy serhetaşa içalylyk operasiýasyny geçirdi / AA
Duş 13 Ýek

Milli howpsuzlyk gullugy 12 ýyldan bäri gözlenýän içaly Önder Sygyrjykoglunyň Siriýa-Liwan serhedinde tussag edilendigini habar berdi.

Milli howpsuzlyk gullugy bilen Siriýanyň razwetka gullugynyň geçiren bilelikdäki operasiýasynyň çäginde tussag edilen Önder Sygyrjykoglu Ankarada degişli kazyýet organlaryna tabşyryldy.

Siriýanyň ykbalyna ýaramaz täsirini ýetirdi

Önder Sygyrjykoglu 2011-nji ýylda Azat Siriýa goşunynyň serkerdeleri Hüseýin Harmoush bilen Mustafa Kassumy tussag etdi we serkerdeleri Asada tabynlykdaky güýçlere tabşyrdy.

Önder Sygyrjykoglu serkerde Hüseýin Harmoushyň gynalmagyna we onuň aradan çykmagyna sebäp boldy. Siriýanyň geljeginiň üýtgemegine sebäp bolan bu waka sebäpli Önder Sygyrjykoglu 2013-nji ýylda “Zorlama we hemle arkaly bir adamy azatlygyndan mahrum edendigi sebäpli” 20 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Önder Sygyrjykoglu 2014-nji ýylda Osmaniýe tussaghanasyndan gaçypdy.

Tussaghanadan gaçmagynda FETÖ uly rol oýnady

Önder Sygyrjykoglunyň tussaghanadan gaçmagyna FETÖ-niň goldaw berendigi anyklandy. Resminamalarda maglumatyň üýtgedilendigi, jeza möhlediniň nädogry hasaplanandygy we uly düzgünbozmalaryň edilendigi anyklandy.

Geçirlen barlaglarda Önder Sygyrjykoglu baradaky günäkärlemäniň 2014-nji ýylda “Milli howpsuzlyk gullugynyň Konteýnerleri” wakasynyň üstünde işlän FETÖ-niň agzasy prokuror Özjan Şişman tarapyndan taýarlanandygy ýüze çykdy.

Adalat ulgamyna doly girizilmän galdyrlan möhletnamalara bolsa FETÖ-niň agzasy ýerine ýetiriji prokuror Ýunus Bakiniň gol goýandygy anyklandy.

Milli howpsuzlyk gullugy ony yzarlamaga dowam etdi

Önder Sygyrjykoglu tussaghanadan gaçandan soň uzak ýyllaryň dowamynda Siriýa, Russiýa we Liwan ýaly ýurtlarda ýaşady. Milli howpsuzlyk gullugy bolsa Önder Sygyrjykogluny ähli taraplaýyn yzarlamaga dowam etdi.

Başar Asat döwründe razwetka gullugy tarapyndan goraldy

Önder Sygyrjykoglu Siriýa gelenden soň Başar Asadyň adminstrasiýasy döwründe razwetka gullugy tarapyndan gorag astyna alyndy. Asad döwründe Önder Sygyrjykogludan Türkiýä garşy syýasat alyp barmagy islendi. Önder Sygyrjykoglu şol döwürde Türkiýä garşy duran käbir adamlar hakyndaky maglumatlary Siriýanyň razwetka gullugyna ýetirdi.

Türkiýä garşy bolan aksiýalara gatnaşdy

Önder Sygyrjykoglu Mukaweme Siriýa toparynyň lideri Mihraj Ural we Hataý/Reýhanly partlamalarynyň 2018-nji ýylda tussag edilen jogapkäri Ýunuf Nazik bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýardy. Mihraç Uralyň tabşyrygy boýunça Türkiýä garşy propaganda alyp bardy.

Önder Sygyrjykoglu habar saýtlaryndan birine beren beýannamasynda, Türkiýäniň alyp barýan Siriýa syýasatynyň ýalňyşdygy sebäpli Hüseýin Harmoushy zamun alandygyny we puşman däldigini aýdypdy.

Reýhanly ganhory bilen ýakyndan aragatnaşyk saklady

Önder Sygyrjykoglu, Reýhanly partlamalaryndan jogapkär Ýusuf Nazik bilen hem ýakyndan aragatnaşyk saklady. Önder Sygyrjykoglu bilen Ýusuf Nazik Siriýada şol bir öýde ýaşady.

Önder Sygyrjykoglu ýakynlygy sebäpli Ýusuf Nazigiň başga bir tussaghana alynmagy üçin Siriýanyň razwetka gullugy bilen gepleşikler geçirdi.

Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýasy netijesinde 2018-nji ýylda Türkiýä getirlen Ýusuf Nazik beren düşündirişinde Önder Sygyrjykoglu tarapyndan tussaghanadan çykarlandygyny aýdypdyr.

Rus razwetka gullugy bilen işleşdi

Önder Sygyrjykoglu Russiýanyň razwetka gullugy bilen aragatnaşyk saklady we Russiýa Türkiýe hakynda gizlin maglumat berdi.

Meýilleşdirlen operasiýa

Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugy gaçgak Önder Sygyrjykogluny yzarlamaga dowam etdi. Önder Sygyrjykoglunyň ilki Siriýada, soň Liwanyň Jebel Muhsin etrabynda ýaşandygy we Russiýanyň Krasnodar sebitine gidendigi anyklady.

Milli howpsuzlyk gullugy Önder Sygyrjykoglunyň Russiýadan soň Müsüriň üstü bilen ýene Liwana gelendigini anyklady.

Önder Sygyrjykoglunyň Siriýa gitmek üçin taýarlyk görýändigini anyklan Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň rawetka gullugy bilen ýörite meýilnama taýarlady.

Türkiýe bilen Siriýa 12 ýyl soň Siriýa-Liwan serhedinde geçiren bilelikdäki operasiýasy netijesinde Önder Sygyrjykogluny tussag etdi.

Türkiýäniň we Siriýanyň razwetka gulluklary bilelikdäki iş toparyny döretdi

Önder Sygyrjykoglu tussag edilenden soň degişli kazyýet organlaryna tabşyryldy.

Türkiýe bilen Siriýa Hüseýin Harmoushyň öldürilmegi wakasy bilen birlikde Önder Sygyrjykoglunyň eden etmişleriniň giňişleýin seljerilmegi üçin bilelikdäki iş toparyny döretdi.

Önder Sygyrjykoglunyň tussag edilmegi Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda razwetka gullugy derejesinde edilýän hyzmatdaşlygyň  sebitara deňagramlylykda täze döwre gadam basylandygyny görkezýär.

Geçirlen bilelikdäki operasiýada 2011-nji ýyldaky dönüklik wakasynyň jogapkäri tussag edildi. T

ürkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugy uzak möhletli strategik sabry we operasiýa ukuby bilen ýene-de bir gezek ünsleri özüne çekdi.