Ysraýyl metbugatynyň habaryna görä, Ysraýylyň prezidenti Ishak Gersogyň uçary iki günlük sapary üçin Türkiyäniň howa giňişligini ulanmakdan gaça durup, sekiz sagatlyk ýol bilen Gazagystana bardy.
Ysraýylyň Channel 12 kanaly uçaryň Türkiyäniň howa giňişligine girmezlik üçin Ýewropanyň we Russiýanyň üstünden başga ýol saýlandygyny we bu bolsa uçuş wagtyny sekiz sagada çenli uzaldandygyny habar berdi.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiye Ishak Gersogyň Bakudaky COP29-a gitmek üçin howa giňişligini ulanmagyna rugsat bermändi, şol wagt hem Gersog "howpsuzlyk aladalary" sebäpli saparyny goý bolsun edipdi.
