Ysraýyl 26-njy aprelde Gazada palestinli 15 tussaglyny boşatdy. Ýerli çeşmeler boşadylan tussaglylaryň gaty horlanandygyny we gynalandygyny habar berdi. Boşadylan tussaglylar Halkara Gyzylhaç komiteti tarapyndan Gazadaky Al Aksa şehitler hassahanasyna alnyp gidildi.
Palestiniň resmi görkezijilere görä, häzirki wagtda 90-y zenan, 350-si çaga bolmak bilen Ysraýylyň tussaghanalarynda jemi 9600-den gowrak palestinli tussagly bar.
