ABŞ-nyň atom bombasy bilen guran hüjüminiň 81 ýyllygy mynasybetli Nagasaki şäherinde geçirilen ýatlama dabarasyna 90-dan gowrak ýurt gatnaşdy. Gatnaşyjylar 1945-nji ýylyň 9-njy awgustynda plutoniý bombasynyň şäheriň üstünde partlan wagty bolan sagat 11:02-de bir minutlyk dymyşlyk yglan etdiler. Bombaly hüjümde takmynan 70000 adam öldi. Şondan üç gün öň bolsa, ABŞ-nyň Hirosima atan atom bombasy sebäpli bolsa takmynan 140000 adam ölüpdi.


Başga wideolar
Nagasaki ABŞ-nyň atom bombasy bilen guran hüjüminiň 81 ýyllygyny hatyralap geçýär
Nagasaki ABŞ-nyň atom bombasy bilen guran hüjüminiň 81 ýyllygyny hatyralap geçýär
Başga wideolar