Awstraliýanyň daşary işler ministri Penni Wong penşenbe güni Ysraýylyň ilçisini çagyryp, 2024-nji ýylda Gazada amala aşyrylan howa hüjüminde awstraliýaly ynsanperwer kömek işgäriniň ölümi bilen baglanyşykly Ysraýyl harbylarynyň jenaýat işini gozgamazlyk kararyna "güýçli reaksiýa" bildirdi. Ysraýylyň harbylary çarşenbe güni seljermeden we netijelendirmeden soň, "World Central Kitchen" guramasynyň ýedi ynsanperwer kömek işgäriniň, şol sanda awstraliýaly Zomi Frankkomyň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňew geçirmek üçin hiç hili esasyň ýokdugy barada netijä gelendigini mälim etdiler.
Başga wideolar
Awstraliýa Ysraýyla nägilelik bildirdi
Ysraýylyň Gazada ynsanperwer kömek işgärleriniň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewi bes etmek baradaky karary Awstraliýada tankyt bilen garşylandy
Başga wideolar