TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Erdogan Erhürmany DKTR-nyň prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady
Erhürman, DKTR bilen baglanyşykly daşary syýasat kararlarynyň Türkiye bilen maslahatlaşmazdan kabul edilmejekdigini aýtdy.
Erdogan Erhürmany DKTR-nyň prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady
Rejep Taýýip Erdogan
20 Oktýabr 2025

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ýekşenbe güni Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Respublikan Türk Partiýasynyň (CTP) başlygy Tufan Erhürmany gutlady.

Erdogan Türkiyäniň sosial media platformasy NSosyal-dan beren beýanatynda, saýlaw netijeleriniň iki ýurt we has giň sebit üçin peýdaly boljakdygyna umyt bildirdi.

Türkiyäniň prezidenti: "Bu saýlaw, DKTR-nyň demokratik taýdan kämillik derejesini ýene bir gezek görkezdi we saýlaw gutusynda türk doganlarymyzyň islegini görkezdi. Türkiye, türk halky bilen bilelikde, her platformada DKTR-nyň özygtyýarly hukuklaryny we bähbitlerini goramagy dowam etdirer" diýdi.

DKTR-nyň Ýokary Saýlaw Geňeşiniň resmi däl netijelerine görä, Erhürman sesleriň 62,76 göterimini alyp, garaşsyz dalaşgär we ýurduň häzirki prezident Ersin Tatary (35,81%) ýeňdi.

Türkiyäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem saýlaw netijelerine ýokary baha berip, DKTR-nyň we onuň raýatlarynyň syýasy taýdan kämillik derejesini tassyklaýandyklaryny aýtdy.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Erhürmany gutlap beýanat berdi we Türkiyäniň Ata Watan we kepil” hökmünde Kipr türk halkynyň abadançylygy we ösüşi ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Erhürman saýlaw netijelerinden soň çykyş edip, Kipr türkleri bilen baglanyşykly hiç hili daşary syýasatyň Türkiye bilen maslahatlaşmazdan kabul edilmejekdigini aýtdy.

Erhürman: "Meniň wezipe möhletimde Kipr baradaky daşary syýasat ýa-da Kipr meselesindäki tutum hiç wagt Türkiye bilen maslahatlaşmazdan kesgitlenmez" diýdi.

Erhürman gutlaglary üçin Prezident Erdogana, Wise-prezident Ýylmaza we Daşary işler ministri Hakan Fidana minnetdarlyk bildirdi.

Türkiye bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň “hasam güýçlenjekdigini” beýan eden Erhürman, bu ýolbaşçylygynyň “missiýasydygyny aýtdy.

Türkiyäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş hem Erhürmany gutlady we saýlaw netijeleriniň DKTR, Türkiye we has giň türk dünýäsi üçin oňyn netije berjekdigine umyt bildirdi.

Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran hem öz beýanatynda saýlawlaryň parahatçylykly geçirilmeginiň "Kipr türk demokratiýasynyň kämillik görkezijisidigini" aýtdy.

Öwren
Gazagystan täze konstitusiýany tassyklady
Azerbaýjan Eýrana ynsanperwer kömegini berýär
Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi
Mirziýoýew pedofiliýa jenaýatçylarynyň ömür boýy azatlykdan mahrum edilmegi hakynda perman çykardy
Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Erdogan: Türkiye Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk tapgyrynda öňegidişligi goldaýar
Türkiye bilen Azerbaýjan energiýa, söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi
"Türk dili medeniýetiň we şahsyýetiň eýeçiligidir"
15-nji dekabr Bütindünýä türki dilleriň maşgala güni
Ahyska türkleri Gruziýadan sürgün edilmeginiň 81-nji ýylynda hatyralanýar
Prezident Erdogan: Azerbaýjanyň Garabag ýeňşi Kawkazda parahatçylyk üçin möhüm rol oýnaýar
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Azerbaýjanda saparda boldy
ÝUNESKO 15-nji dekabry "Bütindünýä türki dilleriniň maşgala güni" hökmünde yglan etdi
Prezident Erdogan Türki döwletleri sebit howpsuzlygyndaky roluny güýçlendirmäge çagyrdy
Ermenistan BMG-nyň Baş Assambleýasynda Azerbaýjan bilen parahatçylyk yglan etdi
Fransiýa Çingiz Aýtmatowyň hormatyna geçirlen konferensiýa ýer eýeçiligini etdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Gyrgyzystana sapar gurar
Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanýar