Hizbullah bir UHU-nyň Ysraýylyň tankyny nyşana alýandygyny görkezýän materialy paýlaşdy
00:17
Dünýä
Hizbullah bir UHU-nyň Ysraýylyň tankyny nyşana alýandygyny görkezýän materialy paýlaşdy
Topar hüjümiň Ysraýylyň düzgün bozmalaryna berlen jogapdygyny habar berdi

Hizbullah 28-nji aprelde Liwanyň günortasyndaky Kantara şäherinde Ysraýylyň tankyny nyşana alan uçarmansyz howa ulagynyň wideosyny paýlaşdy. Hizbullah hüjümiň 24-nji aprelde guralandygyny aýtdy.

Hizbullah bu wideony Ysraýyl goşunynyň Kantarada Hizbullah tarapyndan ulanylandygyny öňe sürýän iki ýerasty tunneli tapandygyny we soňra ýok edendigini yglan edeninden birnäçe sagat soň ýaýratdy.

Soňky günlerde Hizbullah öz dronlarynyň Ysraýylyň esgerlerini, köp sanly harby ulaglaryny we ýurduň günortasynda Liwanyň öýlerini ýumurýan buldozerleri nyşana alýandygyny habar berdi.

Topar hüjümleriň Ysraýylyň ýaraşygyň düzgünlerini bozmagyna we asuda ilata garşy edilýän uruş jenaýatlaryna jogap hökmünde amala aşyrylandygyny mälim etdi.

Başga wideolar
Ysraýylyň Gazadaky Nuseýrat bosgunlar düşelgesindäki maşgalalardan biriniň öýüne howa hüjümi guraldy
Gazanyň kiçijik owazy Nisrin fınala çykdy!
Hakan Fidan Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyk hakynda beýannama berdi.
Ýewropadaky protestler indi bolsa Gresiýada başlady
Türkiýe, Katar, Pakistan we Indoneziýa ägirt uly goranyş ylalaşygyna gok çekişdi.
Ysraýylly esgerler Liwanda basyp alan öýlerinden birini tanyşdyrýar.
Fransiýadaky protest ýörişlerinde talaňçylar Lion şäherinde altyn şaý-sep satýan dükany talady
"Ysraýylyň bütin territoriýasy bize degişli"
Fransiýada müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen protest ýörişlerinde azyndan 1800 adam saklandy
“Palestin bilen bolan raýdaşlygymyz mizemezdir. Jogapkärçiligimizem şeýle.”