Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny paýtagt Aşgabat şäherinde geçirilen joşgunly we ajaýyp çäreler bilen belläp geçdi.

Türkiýeden we dünýäniň dürli künjeginden köp sanda myhmanyň gatnaşan dabaralarda iki ýurduň arasyndaky dostluk we goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlyk ýene-de bir gezek öň hatara çykdy.

Baýramçylyk dabaralary paýtagt Aşgabat şäherindäki Köpetdag dagynyň eteginde ýerleşýän Döwlet tribunasynda geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tribunada öz ornuny almagy bilen başlan dabarada biri-birinden ajaýyp çykyşlar boldy.

Ahalteke atlarynyň ýoldaşlyk etmeginde dabara meýdançasyna getirilen Türkmenistanyň baýdagy döwlet senasy ýerine ýetirilýän mahaly baýdak sütünine galdyryldy.

Ministrleriň, daşary ýurt missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we diplomatik wekilleriň tomaşa eden ýörişde harby bölümler, döwrebap sowutly ulaglar we ýurduň meşhur ahal-teke atlary görkezildi.

Ýörişiň iň üns çekiji elementleriniň biri hem Türkiýeden satyn alnan Otokar Cobra sowutly ulaglarynyň we Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglarynyň harby ýörişe gatnaşmagy boldy.

Başga wideolar
Ysraýylyň Gazadaky Nuseýrat bosgunlar düşelgesindäki maşgalalardan biriniň öýüne howa hüjümi guraldy
Gazanyň kiçijik owazy Nisrin fınala çykdy!
Hakan Fidan Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyk hakynda beýannama berdi.
Ýewropadaky protestler indi bolsa Gresiýada başlady
Türkiýe, Katar, Pakistan we Indoneziýa ägirt uly goranyş ylalaşygyna gok çekişdi.
Ysraýylly esgerler Liwanda basyp alan öýlerinden birini tanyşdyrýar.
Fransiýadaky protest ýörişlerinde talaňçylar Lion şäherinde altyn şaý-sep satýan dükany talady
"Ysraýylyň bütin territoriýasy bize degişli"
Fransiýada müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen protest ýörişlerinde azyndan 1800 adam saklandy
“Palestin bilen bolan raýdaşlygymyz mizemezdir. Jogapkärçiligimizem şeýle.”