BIKANUN YSRAÝYLLY ÝAŞAÝJYLAR PALESTINALYLARYŇ ÖÝLERINI ÝAKDYLAR
00:23
Dünýä
BIKANUN YSRAÝYLLY ÝAŞAÝJYLAR PALESTINALYLARYŇ ÖÝLERINI ÝAKDYLAR
Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada bikanun ysraýylly ýaşaýjylar palestinalylara degişli öýleri, Ysraýylyň harby güýçleriniň gözegçiliginde ýakdylar.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Sair şäherçesinde, bikanun ysraýylly ýaşaýjylar Ysraýylyň harby güýçleriniň gözegçiliginde bir palestinaly maşgala degişli öýi we iki ulagyny ýakdylar. Hüjümde zenanlar we ýaşuly adamlar bilen birlikde ençeme adamyň ýaralanandygy habar berildi. 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň eden-etdilikleri Günbatar Şeria sebitinde örän artdy: 1069 palestinaly öldürildi, 10300-den gowrak palestinaly ýaralandy. Raýat jemgyýetçilik guramalary, diňe oktýabr aýynda bikanun ysraýylly ýaşaýjylaryň ýüzlerçe gezek hüjüm gurandyklaryny habar berdi. Halkara Adalat diwany bolsa Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky we Gündogar Iýerusalimdäki basyp alyşlygynyň we ähli ýaşaýyş ýerleriniň halkara hukuga görä bikanundygyny ýaňadandan ykrar etdi.

Başga wideolar
YSRAÝYL GAZADAKY EBU SELIM METJIDINI NYŞANA ALDY
YSRAÝYLYŇ HARBY GÜÝÇLERI GAZADA TIZ KÖMEK ULAGYNY BOMBALADY
HINDISTANDA SYGYRLARY GORAMAK JEMGYÝETINIŇ MEÝLETINÇILERI MUSULMAN ÄR-AÝALA AZAR BERDILER
AKTIWIST TÄZE ZELANDIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI YSRAÝYLYŇ GENOSIDINI GOLDAMAK BILEN AÝYPLADY
TAÝLANDLY TUR OPERATOR YSRAÝYLLY SYÝAHATÇYNY KOWDY
Ysraýylyň baş rawwini palestinalylaryň barlygyny inkär etdi
Gustawo Petro hökümetiň Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklary dikeltmek baradaky karary tankyt etdi
Bikanun ýagdaýda ýaşaýan ysraýylly gelmişek palestinaly daýhanyň eşegini ulagy bilen süredi
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gaza garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ýaşuly, maýyp palestinaly adam ysraýylly gelmişekleriň hüjümine sezewar galdy