Türkiýäniň esasy deňizçilik çäresi bolan TEKNOFEST “Mawy Watan” 20-nji awgustda Kojaelidäki “Göljük” harby-deňiz gämi ussahanasynyň serkerdeliginde açyldy.
23-nji awgusta çenli dowam etjek çärä Türkiýäniň iň uly harby gämisi “TCG Anadolu”, şeýle hem fregatlar, suwasty gämiler we taryhy Prezident ýahtasy “TCG Sawarona” ýaly 37 deňiz platformasy görkezilýär. Bu çäräniň maksady ýurduň deňiz güýjüni we içerki goranyş mümkinçiliklerini görkezmekdir.