Ýemeniň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesine BMG-de çykyş etmegine rugsat berilmedi
Dünýä
Ýemeniň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesine BMG-de çykyş etmegine rugsat berilmedi
Ýemeniň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesine BMG-de çykyş etmegine rugsat berilmedi

2011-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Ýemenli Tawakkul Karman, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde (BMGHK) çykyş etmegine rugsat berilmeýändigini belläp: "Käbir hökümetler garaşsyz we erkin sesleri eşitmek islemedi" diýip nygtady. 

2011-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragyny paýlaşan Karman, Geňeşiň otagynyň daşynda BMG-niň metbugatyna esasy ýüzlenmesini berdi. Ýemendäki krizisiň esasy sebäbiniň "döwletiň çökmegidigini” nygtap, Karman "esasy jogapkärçiligiň" Husi pitneçileriniň üstündedigini aýtdy.

Karman beýanatynda şeýle diýdi: "Şol bir wagtyň özünde, halkara derejesinde ykrar edilen hökümetiň görkezýän ýeterlik däl işi, dolandyryşyň ýoklugy we içerki bölünişikler döwlet edaralaryny we kanunyň hökmürowanlygyny has-da gowşatdy. Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň we BAE-niň goşulyşmagy halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti hem gowşatdy. Ýemenliler halkara jemgyýetçiliginden geljegini gurmagyny islemeýärler. Ýemenliler halkara jemgyýetçiliginden öz ýurtlaryny yzyna almak we öz geljegini gurmak ugrundaky göreşlerinde olaryň ýanlarynda durmagyny talap edýärler" diýip nygtady.

Başga wideolar
Horwatiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşýär
Gresiýanyň Halkidiki sebitinde tokaý ýangyny sebäpli ýaşaýjylar ewakuasiýa edildi
Taýlandyň Koh Samui adasyndaky seýilgähe ysraýylly maşgalanyň girmegine rugsat berilmedi
Italiýada ok-däri zawodynda güýçli partlama boldy
Dostuny gabalyp galan ýerinden boşatmaga synanyşýarka, özi hem gabalyp galdy
Ysraýylly gelmişekler Palestina-Amerikaly maşgalanyň öýüni gabaýarlar
Kolumbiýada ýer titremeden iki gün soň halas edilen bäbek
Prezident Erdogan Türkiýäniň Palestin meselesine berýän güýçli goldawynyň dowam etjekdigini aýtdy
Yssy howa we gurakçylyk Beýik Britaniýanyň taryhy Stew Pond kölüni guratdy
Ysraýylly esger ýaşuly bir adamyň öýüne gitmegine böwet bolýar