Müňlerçe adam 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolan harby agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlary hatyralamak üçin Stambuldaky 15-nji iýul Şehitler köprüsinde ýöriş geçirdi.
Öň Bosfor köprüsi diýlip atlandyrylýan bu köprüde FETÖ terror guramasy bilen baglanyşykly bolan harbylaryň agdarlyşyk synanyşygynyň öňüni almaga synanyşýan adamlara ot açmagy netijesinde 34 adam ýogalypdy.
Köpri ondan soň öz ýurduny goramak ugrunda öz janyny gurban eden adamlaryň hormatyna 15-nji iýul Şehitler köprüsi diýlip atlandyryldy.