GAZADAKY URUŞ
2 minut okamak
Dünýäde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy üçin çagyryş berýän açyk hata gol çekdi
Dünýä derejesinde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly çagyryş berýän açyk görnüşdäki hata gol çekdi
00:00
Dünýäde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy üçin çagyryş berýän açyk hata gol çekdi
Gaza / Reuters

Gol çekenleriň arasynda Ýakyn Gündogardaky “ýigrenji, ölümi we weýrançylygy” ýazgarýan Nobel baýrakly newrologlar hem bar.

Ispaniýanyň EFE habar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäniň dürli künjeklerinden 1000-den gowrak alym, esasanam psihologlar we newrolog alymlary, Palestinanyň Gaza zolagynda ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly çagyryş berýän we halkara jemgyýetçiligine Ysraýyla garşy halkara ynsanperwer hukuga hormat goýmagy üçin basyş edilmegini isleýän açyk görnüşdäki hata gol çekdiler.

Hata gol çekenleriň arasynda Norwegiýadan Nobel baýragynyň eýeleri Maý-Britt Mozer we Edward Mozer, şeýle-de Ýaponiýadan Susumu Tonegawa bar. 

Ispaniýanyň Kahal institutynda Neýro emeli aň we Robotehnika toparynyň agzasy Pablo Lanillos ýaly käbir ispan alymlar hem bu hata gol çekdiler. 

Lanillos EFE bilen geçiren söhbetdeşliginde: "Bu çagyryş güýçli, sebäbi ol nerýro alymlaryndan gelýär; beýniniň bu görnüşdäki konfliktleri nähili kabul edýändigini we işläp taýýarlaýandygyny öwrenýän adamlardan gelýär" diýip belledi.

Hatda Hamas toparynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky hüjümleri, zamunlaryň saklanylmagy we bir ýyl ozal başlan we häzirki wagtda hem dowam edýän çaknyşyklarda Gazada 48 müňden gowrak adamy öldüren Ysraýylyň eden "çäksiz harby jenaýatlaryny" hem öz içine alýan ähli taraplaryň eden zorluklarynyň ýazgarylýandygy aýdylýar.

Ähli Halklar Üçin

Alymlar sebitiň parahatçylykly ýagdaýda ýaşamak mümkinçiligine päsgel berýän weýrançylykly zorluk we ar almak aýlawyna düşendigini we “Ýigrenjiň, ölümiň we weýrançylygyň” ähli ýeri gurşap alandygyny aýdýarlar.

EFE-niň berýän maglumatlaryna görä, hatda adam psihologiýasynyň köplenç çaknyşýan toparlaryň arasyndaky tapawutlary ulaldýandygyny, emma şol bir wagtda hemmelere mahsus duýgudaşlyk we hyzmatdaşlyk ukybynyň bardygyny belleýär. 

Alymlar, halkara jemgyýetçiligini Ysraýyly urşy bes etmäge mejbur etmek üçin basyş edilmegine çagyrýarlar; bu çäreleriň içine ýarag söwdasyny bes etmek ýa-da hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny täzeden gözden geçirmek hem girýär. 

Hatda: "Biz Ysraýyl halkyna garşy däl" diýilýär. "Biz ähli halklaryň tarapyndadyrys – ysraýylly, palestinaly we liwanly." 

Ysraýylyň häzirki syýasatlarynyň palestinalylara öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirýändigini we öz halkynyň howpsuzlygyny hem howp astyna salýandygyny öňe sürýärler. 

Hatda, Fransiýadaky Sorbonna uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Prinston uniwersitetindäki alymlar tarapyndan başladyldy.

ÇEŞME:TRT Turkmen
Öwren
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73382 adama ýetdi
Ysraýyl iýul aýynda Gazada 150-den gowrak palestinalyny öldürdi
Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 3 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de üç palestinaly öldürildi
Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna hüjüm etmegi netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Gazada guran hüjümlerinde 9 palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazada bosgun düşelgesine guran hüjüminde bäş palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazadaky palestinalylaryň düşelgelerine hüjüm gurady
Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Ysraýyl Gazadaky azyk paýlaýyş nokadyny bombalady we ýene-de dört palestinalyny öldürdi
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan, Gaza garşy dowam etdirýän hüjümlerinde ýene-de bir çagany öldürdi
Ysraýyl ylalaşygy bozup, Gazada ýene-de bir palestinalyny öldürdi we bir ýetginjegi ýaralady
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Palestinaly Lukman Gazadan Gitmegi Kabul Etmänden Soň Ysraýylyň Tussaghanasynda Öldi
Palestinaly bir lukman Gazadan çykmagy ret edeninden soň Ysraýylyň tussaghanasynda ýogaldy
Tramp-Netanýahu gatnaşyklarynda taze döwür: Wepadarlyk we dartgynlygyň arasyndamy?
7-nji oktýabryň Ysraýyl-Palestina çaknyşygyndaky manysy
Bombanyň Öwezine Edilýän İşler: ABŞ Ysraýylyň Gazadaky Urşundan Nähili Girdeji Gazanýar