Şwesiýa akademiýasynda geçirilen metbugat ýygnagynda 2026-njy ýylyň Nobel edebiýat baýragynyň laureaty yglan edildi.
Beýan edilmegine görä baýrak, “nusgawy däpler bilen oýun äheňindäki dialog arkaly häzirki zaman edebiýaty üçin täze görnüşleri döreden batyrgaý we täzeçillik häsiýetli eserleri mynasybetli” kanadaly ýazyjy Enn Karsana berildi.
2025-nji ýylyň Nobel edebiýat baýragy bolsa «täsir galdyryjy we öňdengörüjilikli» eserleri üçin 72 ýaşly wenger ýazyjysy we ssenariýaçysy Laslo Krasznahorkaýa berlipdi.
Enn Karson kim?
1950-nji ýylda Kanadanyň Toronto şäherinde dünýä inen Enn Karson şahyr, ýazyjy, terjimeçi we alym hökmünde tanalýar.
Toronto uniwersitetini tamamlan hem-de magistrlik we doktorlyk derejelerini şol uniwersitetde alan Karson 1979-njy ýyldan bäri Kanadanyň we ABŞ-nyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde ders berdi. Ol MakGill, Miçigan, Nýu-Ýork we Prinston uniwersitetleri ýaly bilim ojaklarynda nusgawy edebiýat, deňeşdirme edebiýaty we döredijilikli ýazuw ugurlary boýunça talyplara bilim berdi.
Karsonyň iň meşhur kitaplarynyň arasynda "Ajy Eros", "Gyzylyň awtobiografiýasy", "Iş wagtyndaky erkekler" we "Äriň gözelligi" bar.
Onuň köp sanly eseri we terjimeleri neşir edildi. Ýazyjy dürli edebiýat baýraklaryna hem mynasyp boldy.
Karson Kanadanyň edebiýatyna goşan goşandy üçin 2005-nji ýylda Kanada ordeni bilen sylaglanypdy.
Nobel baýraklary barada
Şwesiýaly Alfred Nobeliň wesýetnamasyna laýyklykda ol aradan çykandan soň, 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda döredilen Nobel gaznasy tarapyndan adamzada hyzmat edenlere berilýän baýraklar dünýäniň iň abraýly baýraklaryň hatarynda kabul edilýär.
Nobel baýraklary Şwesiýanyň Şalygyň ylymlar akademiýasy, Şwesiýa akademiýasy, Karolinska instituty we Norwegiýanyň Nobel komiteti tarapyndan fizika, himiýa, edebiýat, parahatçylyk we lukmançylyk ugurlary boýunça iň görnükli hasaplanýan adamlara ýa-da guramalara berilýär.
Bulardan başga-da, Şwesiýanyň Merkezi bankynyň 1968-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet ugry boýunça hem baýrak döretmek baradaky kararyndan soň, Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşuryldy.
Nobel baýraklary her ýyl Alfred Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda geçirilýän dabarada eýelerine gowşurylýar.
Beýleki tarapdan, 1901-nji ýylda baýraklar gowşurylyp başlanaly bäri olaryň berilmedik birnäçe ýyly hem boldy. Baýraklaryň jemi 49 gezek gowşurylmadyk ýagdaýlarynyň esasy bölegi Birinji we Ikinji jahan uruşlary döwrüne gabat geldi. COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji we 2021-nji ýyllarda hem baýrak gowşurylyş dabaralary geçirilip bilinmändi.



























