VIII Etnosport medeniýet festiwaly başlady
MEDENIÝET
1 minut okamak
VIII Etnosport medeniýet festiwaly başladyBütindünýä Etnosport bileleşigi tarapyndan şu ýyl VIII geçirilýän Etnosport medeniýet festiwaly Stambulda Atatürk howa menzilinde dabaraly ýagdaýda açyldy.
VIII Etnosport medeniýet festiwaly başlady

TRT-niň goldaw bermeginde geçirilýän festiwalyň açylyş dabarasynda okuwçylar Gülbank däp-dessurlaryny ýerine ýetirdi.

Festiwal maý aýynyň 21-24-i aralygynda geçirler

Stambulda Atatürk howa menziliniň öňünde gurlan Han çadyrda mehteran topary hem çykyş etdi.

Bütindünýä Etnosport konfederassiýasynyň başlygy Bilal Erdogan, festiwalyň çäginde medeni baýlyklaryň ähli taraplaýyn görkeziljekdigini aýtdy.

Bilal Erdogan festiwalyň çäginde göreş we atly sportlaryň başda durmagynda birnäçe çäräniň geçiriljekdigini ýataltdy.

Bilal Erdogan çagalaryň we maşgalalaryň fesitwalyň çäginde däp-dessurlar bilen ýakyndan tanyşjakdygyny ýatlatdy.

Stambul şäheriniň halkara derejesinde ýakyndan tanalýandygyna ünsi çeken Bilal Erdogan edilen çykyşlardan soň çagalar bilen birlikde festiwaly dabaraly ýagdaýda açdy.