Erjiýes liža merkezi 3 million 300 müň myhmany kabul etdi
MEDENIÝET
1 minut okamak
Erjiýes liža merkezi 3 million 300 müň myhmany kabul etdiKaýseri şäher häkimi Memduh Büýükkylyç 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda başlan we 15-nji maýa çenli dowam eden liža möwsümi hakynda maglumat berdi.
Erjiýes liža merkezi 3 million 300 müň myhmany kabul etdi / Others

Kaýseri şäher häkimi Memduh Büýükkylyç beren ýazmaça beýannamasynda, Erjiýes liža merkeziniň 2025-2026 liža möwsümini üstünlikli ýagdaýda tamamlandygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň 18-nji dekabrynda başlan möwsümiň 15-nji maýa çenli dowam edendigini ýatladan Büýükkylyç, liža merkezine 150 günlük etapda 3 million 300 müň myhmany kabul edendigini belledi.

Şäher häkimi Büýükkylyç, jemi 112 kilometr uzynlygyndaky 41 meýdança eýe bolan Erjiýes liža merkeziniň Deweli, Tekir, Hisarjyk we Hajylar bolmak bilen 4  girelgesiniň bardygyny belledi.

Büýükkylyç merkeziň Türkiýäniň iň esasy gyşky syýahatçylyk merkezlerinden birine öwrülendigini ýatlatdy.

Şäher häkimi Memduh Büýükkylyç Garyň hili we döwrebap desgalary bilen Erjiýesiň halkara derejesinde ünsleri özüne çekýändigini belledi.

Büýükkylyç Erjiýes liža merkezine Germaniýanyň, İtaliýanyň, ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Malaýziýanyň, Fransiýanyň, Portugaliýanyň we İndoneziýanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyndan müňlerçe syýahatçynyň gelýändigini sözleriniň üstüne goşdy.